aýylganç

aýylganç
1) Gorkunç, howply, eýmenç.
∙ Örän aýylganç düýş gördüm. (N. Pomma, Taýlan hyzzyn)
∙ Haýwanat bagynda aýylganç uly ýylan bar.
2) Ýigrenji, erbet, pis.
∙ Aýylganç yslar başyny aýlapdyr. (Myraly)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, ç sesi j sesine öwrülýär.
Meselem aýylganç - aýylganjy.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем написать реферат

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»